Türkmençe   Русский   English   

«Türkmennebit» döwlet konserni bäsleşik yglan edýär 21.11.2018 — 03.01.2019

  • 30/11/2018

«Türkmennebit» Döwlet konserni Bäsleşik komissiýasynyň adyndan

himiýa reagentlerini satyn almak boýunça № 265 belgili halkara bäsleşik yglan edýär:

Lot №4 – Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen tehnikalar, düzümdäki we ätiýaçdaky şaýlar;

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Aşgabat ş. Arçabil şaýoly 56, salgysy bilen ýüz tutup:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

- «Türkmenistanyň Nebitgaz toplumy üçin material-tehniki üpjünçiligini (harytlary) getirýänleri kesgitlemek üçin halkara bäsleşiklerini geçirmekligiň Düzgünnamasy» bilen tanyş bolmaly;

- Lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarylmazlyk şerti bilen 575 amerikan dollaryny (GBS hasaba alnanda) ýa-da şol barabarlykdaky manat serişdelerini töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler – 03.01.2019 ýyla 16:00-a çenli kabul edilýär.

Görkezilen seneden giç gelen teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp,

hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Bäsleşik bukjasynda hökmany suratda anketanyň elektron nusgasy, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatda) we tehniki-ykdysady ýöriteleşmeleri («Excel» formatda) bolmalydyr.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp,

hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-90 (faks); 40-31-06, 40-39-83 (tehniki soraglar üçin)

Goşmaça maglumat almak üçin şu ýere basyň