Türkmençe   Русский   English   

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bäsleşik yglan edýär 19.11.2018 — 31.12.201

  • 30/11/2018

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan halkara Bäsleşigini yglan edýär:

Lot №5 –2019-njy ýyl üçin himiýa önümleri we kömekçi materiallar;

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine ýüz tutmaly we:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

- «Harytlary satyn almak, amallary ýerine ýetirmek, döwlet üçin zerur hyzmatlary ýerine ýetirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;

- tehniki talaplary almaly;

- 575 amerikan dollaryny töläp, bäsleşigiň resminamalaryny almaly.

Lot boýunça gerekli bolan ähli maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ internet salgysyndan ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Tender boýunça teklipler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine tender neşir edilen senesinden soňky 30 günüň dowamynda kabul edilýändir.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 2-48-49, 96-2-33 (tel/faks: +993243 2-22-04 arza ugratmak üçin) e-mail: tngizt_dya_bolumi2@online.tm.

Скачать дополнительную информацию