Türkmençe   Русский   English   

Biz barada

/

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň senagat pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek barada edýän yzygiderli aladalarynyň netijesinde milli ykydysadyýetimiziň binýadyny mundan beýläk-de berkitjek möhüm desgalaryň düýbi tutulýar, täze döwrebap tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary gurulýar, bar bolanlaryň durky täzelenýär we düýpli kämilleşdirilýär.

Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda, welaýatlarda we etraplarda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş maksatly we senagat ähmiýetli binalaryň we desgalaryň gurluşygy ýokary derejede alnyp barylýar. Döwletiň ykdysadyýeti joşgunly depginler bilen ösýär. Şol sebäpli hem senagat önümlerine bolan isleg barha artýar. Şol binalaryň we desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli senagat önümleri bilen üpjün etmek wezipesi bolsa Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň esasy wezipesi bolup durýar.

Senagat pudagynyň öňünde ýurdumyzyň gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat önümleriniň zerur bolan möçberleri bilen üpjün etmek wezipesi goýulýar. Senagat önümleriniň önümçiligi bolsa, ýerli mineral çig mal serişdelerini mümkin boldugyça köp peýdalanmaga esaslanmalydyr.

Türkmenistanyň Senagat Ministrligiň kärhanalarynyň sanawy


1. "Türkmensement" önümçilik birleşigi

Türkmenistanyň senagaty ministrliginiň tabynlygyndaky edarasy bolup, garamagynda 4 sany - Baharly, Lebap, Kelete we Jebel sement zawodlary bar.

2. Türkmenmermer" YGPJ

"Türkmenmermer" yapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti - tebigy daşlardan örtgi materiallaryny öndürýär, olar: plitalar, basgançaklar, dürli ölçegli penjire önümleri we kiçi binagärlik şekilleriniň aýratyn bölekleri.

3. Gazbeton öndürýän zawody

Döwrebap täze tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyllyk taslama kuwwatlylygy 200 müň m3 barabar bolan Gazbeton öndürýän zawody. Gazbeton önümleriniň pes ýylylyk geçirijiligi, jaýlary ýylatmak we sowatmak üçin çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

4. "Türkmendaşlary" önümçilik birleşigi

"Türkmendaşlary" önümçilik birleşiginiň döredilen gününden bäri geçen döwürde magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalary bar.

5. "Türkmendemirönümleri" döwlet karhanasy

Zawodda dürli ölçegde gurluşyk armatury, sweller we burçlyk öndürilýär. "Türkmendemirönümleri" döwlet kärhanasy Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda Asgabat-Dasoguz awtoýolunyň 22-nji kilometrinde ýerleşýär.

6. "Türkmendemirbetonönümleri" önümçilik birleşigi

Gurluşyk üçin gerekli dürli demirbeton önümlerini, alýumin, demir we plastiki gapylary, witražlary, penjireleri, ternawlary, ker amzit önümini, keramzit kerpiçlerini, metall önümlerini, tehniki we medisina kislorodyny öndürýär we ýerleýär, şeýle hem beýleki kärhanalaryň buýurmalary esasynda gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýär.