MINISTRLIK BARADA

/

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň senagat pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek barada edýän yzygiderli aladalarynyň netijesinde milli ykydysadyýetimiziň binýadyny mundan beýläk-de berkitjek möhüm desgalaryň düýbi tutulýar, täze döwrebap tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary gurulýar, bar bolanlaryň durky täzelenýär we düýpli kämilleşdirilýär.
Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda, welaýatlarda we etraplarda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş maksatly we senagat ähmiýetli binalaryň we desgalaryň gurluşygy ýokary derejede alnyp barylýar. Döwletiň ykdysadyýeti joşgunly depginler bilen ösýär. Şol sebäpli hem senagat önümlerine bolan isleg barha artýar. Şol binalaryň we desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli senagat önümleri bilen üpjün etmek wezipesi bolsa Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň esasy wezipesi bolup durýar.

Ministrligiň kärhanalary

1. "Türkmensement" önümçilik birleşigi

Türkmenistanyň senagaty ministrliginiň tabynlygyndaky edarasy bolup, garamagynda 4 sany - Baharly, Lebap, Kelete we Jebel sement zawodlary bar.

2. Türkmenmermer" YGPJ

"Türkmenmermer" yapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti - tebigy daşlardan örtgi materiallaryny öndürýär, olar: plitalar, basgançaklar, dürli ölçegli penjire önümleri we kiçi binagärlik şekilleriniň aýratyn bölekleri.

3. Gazbeton öndürýän zawody

Döwrebap täze tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyllyk taslama kuwwatlylygy 200 müň m3 barabar bolan Gazbeton öndürýän zawody. Gazbeton önümleriniň pes ýylylyk geçirijiligi, jaýlary ýylatmak we sowatmak üçin çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

4. "Türkmendaşlary" önümçilik birleşigi

"Türkmendaşlary" önümçilik birleşiginiň döredilen gününden bäri geçen döwürde magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalary bar.

5. "Türkmendemirönümleri" döwlet karhanasy

Zawodda dürli ölçegde gurluşyk armatury, sweller we burçlyk öndürilýär. "Türkmendemirönümleri" döwlet kärhanasy Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda Asgabat-Dasoguz awtoýolunyň 22-nji kilometrinde ýerleşýär.

6. "Türkmendemirbetonönümleri" önümçilik birleşigi

Gurluşyk üçin gerekli dürli demirbeton önümlerini, alýumin, demir we plastiki gapylary, witražlary, penjireleri, ternawlary, ker amzit önümini, keramzit kerpiçlerini, metall önümlerini, tehniki we medisina kislorodyny öndürýär we ýerleýär, şeýle hem beýleki kärhanalaryň buýurmalary esasynda gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýär.



Mertebesi belent Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda döwletimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda senagat pudagynda hem düýpli özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Senagat ministrligi dürli senagat önümleriniň pugta maddy-tehniki binýadyny döretmek, olaryň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 2012-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. Senagat pudagynyň öňünde ýurdumyzyň gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat önümleriniň zerur bolan möçberleri bilen üpjün etmek wezipesi goýulýar. Senagat önümleriniň önümçiligi bolsa, ýerli mineral çig mal serişdelerini mümkin boldugyça köp peýdalanmaga esaslanmalydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli ykdysady we durmuş özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagat ministrligi öňki Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň binýadynda döredilip, gurluşyk materiallaryny we önümlerini öndürýän esasy pudak bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet sektorynda ministrligiň garamagyndaky senagat kärhanalary tarapyndan öndürilýän gurluşyk materiallarynyň paýy, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň aglaba bölegini tutýar. Öndürilýän gurluşyk materiallary bilen bir hatarda döwletimiziň nebitgaz pudagy üçin enjamlar we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary hem öndürilýär.
Ministrligiň garamagyndaky senagat kärhanalarynda esasy gurluşyk materiallary bolan sement, magdan däl materiallary, metal önümleri, aýna, diwar materiallary, gurnama demir-beton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, keramzit, kaolin, gips, gidroizolýasiýa materialy bolan izogan we daşy örtülen simler we kabeller, demir gurnawlar, ýokary we pes woltly elektrik geçiriji enjamlar, sorujylar öndürilýär. Ministrligiň düzümine: "Türkmensement", "Türkmendaşlary", "Türkmendemirbetonönümleri", "Türkmenkerpiç" önümçilik birleşikleri, “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy we "Türkmenmaşyngurluşyk" konserni, şeýle hem "Türkmenmermer" paýdarlar jemgyýeti, Aşgabadyň aýna kombinaty, Abadanyň "Gurluşykmateriallary" kombinaty, "Santehönümleri" zawody, Magdanly gurluşyk materiallary kärhanasy, "Zarba" buraw-partlama işlerini ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen kärhanasy, "Senagattaslama" taslama instituty we “Çandybil” myhmanhanasy hem-de “Ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary” kärhanasy girýär.
2009-njy ýylda biziň ýurdumyz üçin täze önümçilikleriň biri, döwletimizde ilkinji bolup gurlan ýyllyk kuwwatlylygy 160 müň tonna metal prokatyna, şol sanda: 100 müň tonna barabar dürli diametrli gurluşyk armaturlaryny we 60 müň tonna barabar dürli ölçeglerdäki şwellerleri we burçluklary öndürýän “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy işe girizildi. Häzirki wagtda bu kärhanada öndürilýän metal önümleri ýurdumyzyň gurluşyk desgalarynda uly islegden peýdalanýar we bu önümler öz gezeginde daşary ýurtlardan gymmat bahadan gyzyl pula satyn alnyp getirilýän önümleriň importyny ep-esli azaldýar. “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň önümçilik prosesi daşky gurşawy gorap saklamagyň kadalarynyň talaplaryna doly laýyk gelip, ekologiýa taýdan howpsuz bolup durýar. 2010-njy ýylda bolsa Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýene-de bir täze senagat kärhanalarynyň biri, yssy howaly we ýokary seýsmikaly ýerler üçin niýetlenilen, dünýä standartlaryna laýyk gelýän, döwrebap täze tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyllyk taslama kuwwatlylygy 200 müň m3 barabar bolan Gazbeton öndürýän zawody işe girizildi.
Gazbeton önümleriniň pes ýylylyk geçirijiligi, jaýlary ýylatmak we sowatmak üçin çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Gazbetonyň öýjük-öýjükli gurluşy ýokary akustik izolýasiýasyny we jaýlaryň hem-de desgalaryň agramynyň belli bir derejede peselmegini üpjün edýär. Gazbeton öndürilende semendiň we armaturanyň çykdajylary ep-esli azalýar. Gazbeton adaty beton bilen deňeşdirilende agramynyň pes möçberine eýelik edýär we munuň özi az harajatlar bilen jaýlaryň hem-de desgalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmäge we gurluşygyň möhletlerini has-da gysgaltamaga uly mümkinçilik berýär.
Maksatnamada goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen gurluşyk materiallary senagatynyň özeni bolup durýan sement önümçiliginde hem köp işler amala aşyrylýar. “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň düzüminde hersiniň ýyllyk kuwwatlylygy 1 million tonna bolan Baharly, Balkan we Lebap sement zawodlary, şeýle hem ýyllyk kuwwatlylygy 686 300 tonna bolan Kelete sement zawody hereket edýär. Magdan däl materiallaryň öndürilişiniň möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, “Türkmendaşlary” önümçilik birleşiginiň welaýatlarda ýerleşýän karýer müdirliklerinde we hojalyklarynda önümçilikde ulanylýan ýük ýükleýiş-düşüriş we ulag serişdeleri hem-de mehanizmleri bilen bilelikde birnäçe kuwwatly owradyjy-saýlaýjy enjamlar toplumlary gurnalyp, işe girizilmeginiň netijesinde, ýurdumyzda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň bu önümlere bolan isleglerini ýeterlikli derejede üpjün etmäge mümkinçilik döredildi.
“Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň düzümine girýän Iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň hem-de “Demirbetonönümleri” zawodlarynyň durky täzelenip, häzirki günde olarda jaý gurluşygy üçin öndürilýän iri panelleriň, demirbeton önümleriniň we konstruksiýalarynyň hil derejesi ýokarlandyrylýar, önümleriň öndürilişi artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça edýän ýadawsyz aladalaryndan we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmek barada durmuşa geçirýän uly ähmiýetli işlerinden ruhlanyp, şeýle hem görkezilen kärhanalaryň durkynyň täzelenmegi we häzirki zaman enjamlarynyň oturdylmagy bilen önümçilik öndürijililiginiň ýokarlanmagy netijesinde, olaryň öz öndürýän önümlerini peýdalanmak bilen, döwrebap we ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary bolan bir we köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklyk ýola goýuldy.
Ýaşaýyş jaýlary gurulanda, olaryň daşky görnüşinde, germewlerinde, eýwanlarynda we beýleki böleklerinde milli äheňdäki nagyşlar ulanylýar, jaýlaryň öň tarapy, girelgeleri we basgançaklary suwa durnukly ýokary hilli boýaglar bilen boýalýar, jaýlaryň üçekleri demir çerepisalar bilen örtülýär. Bu gurulýan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy işlenip düzülende girelge meýdanynyň 8,23 m2-dan 11,83 m2-a çenli ulaldylmagy, iýmit we aşhana gap-gaçlary saklanylýan ammar otagynyň girizilmegi, aşhana otagynyň 11,44 m2-dan 17,63 m2-a çenli meýdanynyň ulaldylmagy, kir ýuwulýan, geýim guradylýan we geýim ütüklenilýän otaglaryň girizilmegi, maşgalanyň agzalary we myhmanlar üçin hajathanalaryň we ýuwunylýan otaglaryň aýratynlykda ýerleşdirilmegi, myhmanhana otagynyň meýdanynyň 18,03 m2-dan 36,60 m2-a çenli ulaldylmagy göz öňünde tutulan. Bularyň hemmesi raýatlarymyz üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän oňaýly ýaşaýyş şertlerini döredýär. Ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek, alnyp barylýan gurluşyklary ýokary hilli aýna we aýna önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda Aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet Maksatnamasyna” we bu Maksatnamany amala aşyrmagyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň senagat pudagynyň üstüni ýetirjek täze ugry, ýagny elektron senagatyny ýola goýmak, dürli elektron we beýleki elektrotehniki enjamlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmek babatynda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň öňünde möhüm wezipeler durýar.
Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän bilelikdäki kiçi kärhanalary döretmek boýunça Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan ýerli hususy kärhanalar hem-de daşary ýurt kompaniýalary bilen zerur bolan işler geçirilýär. Ýagny: - bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti döredilip, onda bir ýylda ortaça 8 million 440 müň sany dürli görnüşli LED yşyklandyryjylarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da, “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan häzirki wagtda netbuk görnüşli kompýuterleriň, önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär;
- bilelikdäki “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýeti döredilip, onda bir ýylda 200-250 sany elektrik toguny paýlaýjy enjamlary öndürmäge niýetlenen häzirki wagtda KTPN-leriň (transformator bekediniň toplumy) önümçiligi ýola goýuldy; - şeýle hem, ilatyň ulanýan dürli görnüşli gaz we elektrik plitalary, elektrik demojaklary (duhowkalary), sowadyjylary we tozan sorujylary öndürýän bilelikdäki “Hojalyk harytlary” hojalyk jemgyýeti döredildi. Senagat pudagynda önümçiligi artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we importyň ýerini tutýan önümleriň täze görnüşlerini öndürmek babatynda hem zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylyk-da, bilelikdäki “Hilli gurluşyk önümleri” kärhanasy döredilip, onda ýyllyk kuwwatlylygy 100 müň tonna gipsi, 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 12 million inedördül metr gipskartony öndürmeklik meýilleşdirilýär.